OpenVPN programmasy · Android · iPhone · Windows · Linux

OpenVPN programmasy — bir basyşda.

OVPN Client sub linkiňizi ýa-da .ovpn faýlyňyzy kabul edýär we şifrlenen birikmäni bir düwme bilen açýar. Reklama ýok, registrasiýa ýok, maglumat ýygnalmaýar.

Siziň enjamyňyz üçin
Android 7+iPhone iOS 15+Windows 10 / 11 · 32/64-bitLinux .debOpenVPN 2.x
—gezek ýüklendi
—ulanyjy häzir onlaýn
janly
Ýükle

Telefonyňyz we kompýuteriňiz üçin

Ähli platformalarda şol bir profil işleýär: sub linki ýa-da .ovpn faýly goşuň — galanyny programma özi edýär.

iPhone / iPad

iOS 15+ · .ipa
Siziňki

App Store-da ýok: .ipa faýly TrollStore, ESign ýa-da Sideloadly arkaly gurnalýar.

Mümkinçilikler

Diňe gerek zatlar — artykmaç hiç zat ýok

Sub link

Paneliňizden alnan linki goýuň. Serwer çalşylsa-da, profil birikmezden öň özi täzelenýär.

.ovpn faýllar

Telegram-dan, faýllardan, e-poçtadan ýa-da buferden import ediň. Login-parolly profiller hem goldanýar.

Bir basyşda birikme

Uly düwme, janly ýagdaý, tizlik, trafik, birikme wagty we VPN IP — hemmesi bir ekranda.

Kill switch we hemişe açyk VPN

Android-yň «Hemişe açyk VPN» we «VPN-siz birikmeleri blokla» sazlamalary bilen işleýär. Tor çalşylanda özi gaýtadan birigýär.

VPN-siz programmalar

Bank ýa-da ýerli programmalary tunelden aýryň. Öz DNS serweriňizi goýup bilersiňiz.

Türkmençe we rusça

Interfeýs iki dilde, ähli düwmeler we ýalňyşlyk habarlary düşnükli ýazylan.

Üpjün edijiňiziň habarlary

Paneliňiziň admini programmada banner görkezip biler: täzelikler, aksiýa ýa-da goldaw kontakty.

Hasap maglumaty

Galan traffik, möhlet we onlaýn enjam sany programmanyň baş ekranynda görünýär.

XOR-mask: DPI-den gizlemek

OpenVPN-i bloklaýan ulgamlardan gizleýär: «scramble xormask» bilen trafik OpenVPN ýaly görünmeýär. Android, Windows we Linux-da awtomatik işleýär.

Birikilen ýurt

Birikenden soň programma serweriň ýurdyny baýdagy bilen görkezýär (Android-da).

Üç ädim

Birikmek üçin näme etmeli

Programmany gurnaň

Telefonyňyz ýa-da kompýuteriňiz üçin ýokardaky wersiýany ýükläň.

Sub linki goşuň

VPN üpjün edijiňiz beren linki «Sub link» düwmesine goýuň ýa-da paneliň sahypasyndaky «OVPN Client-e goş» düwmesine basyň.

Birigiň

Uly düwmä basyň, VPN rugsadyny beriň — düwme ýaşyl bolanda trafigiňiz şifrlenýär.

OpenVPN barada

OpenVPN näme we OVPN Client näme üçin gerek?

OpenVPN näme?

OpenVPN — iň köp ulanylýan açyk çeşmeli VPN protokollarynyň biri. Ol trafigiňizi TLS we AES-256 bilen şifrläp, VPN serwerine tunel arkaly ugradýar. Köp VPN üpjün edijiler profilleri .ovpn faýly görnüşinde berýär.

.ovpn faýly nädip açmaly?

OVPN Client-i gurnaň we .ovpn faýly programma bilen açyň (Telegram-dan, faýllardan ýa-da e-poçtadan). Profil derrew goşulýar — galan ýeke-täk iş birikmek düwmesine basmak.

Windows we Linux üçin OpenVPN

Windows-da gurnaýjy OpenVPN draýwerini (TAP/Wintun) özi goýýar. Linux-da .deb paketi openvpn-i ulgamdan alýar, VPN bolsa administrator paroly bilen howpsuz kömekçi arkaly işledilýär.

Görnüşi

Programma nähili görünýär

Profiller
+ Sub link+ .ovpn
Germaniýa-1203.0.113.10 · UDP · sub
✓
Finlýandiýa198.51.100.7 · TCP · sub
Türkiýe192.0.2.44 · UDP · .ovpn
VPNProfillerSazlamalar
Android · baş ekran
OVPN Client — OpenVPN Windows
Windows · ýagty tema
OVPN Client — OpenVPN Windows
Windows · garaňky tema

← Gapdala süýşüriň →

Tehniki maglumat

Içinde näme bar

ProtokolOpenVPN 2.x · UDP / TCP
ŞifrlemekAES-256/128-GCM · AES-CBC + HMAC
TLS goragytls-auth · tls-crypt
BarlagSertifikat · login/parol (auth-user-pass)
Importsub link · .ovpn · ovpnklient://
PlatformalarAndroid 7+ · iOS 15+ · Windows 10/11 (x64, x86) · Linux
Interfeýs diliTürkmençe · Русский
OVPN Client1.3
Gizlinlik

Maglumatlaryňyz diňe sizde galýar

OVPN Client trafigiňizi diňe siz saýlan serwere şifrlenen tunel arkaly ugradýar. Programma şahsy maglumat ýygnamaýar — diňe anonim enjam belgisi (ulanyjy sanagy üçin) iberilýär.

Doly gizlinlik syýasaty →

  • Reklama, analitika we yzarlaýjy SDK ýok
  • Registrasiýa we hasap gerek däl
  • Profiller we parollar diňe enjamyňyzda saklanýar
  • Trafik okalmaýar, ýazylmaýar we başga ýere ugradylmaýar
Sorag-jogap

Köp berilýän soraglar

Programma mugtmy?

Hawa, OVPN Client mugt. VPN serwerine birikmek üçin bolsa VPN üpjün edijiňizden profil (sub link ýa-da .ovpn) gerek.

Programma özi serwer berýärmi?

Ýok. OVPN Client — klient programma. Ol siz goşan profildäki serwere birikýär; serweri size profil beren üpjün ediji dolandyrýar.

iPhone-a nädip gurnamaly?

.ipa faýly App Store-dan däl-de, TrollStore (goldanýan iOS wersiýalarynda) ýa-da ESign/Sideloadly ýaly gol çekýän gurallar arkaly gurnalýar. VPN işlemegi üçin şahadatnamada Network Extension rugsady bolmaly.

Windows «SmartScreen» duýduryşyny görkezýär — näme etmeli?

Gurnaýjy entek sanly gol bilen gol çekilmedik. «Подробнее / More info» → «Выполнить в любом случае / Run anyway» basyň. Programma administrator rugsadyny soraýar — VPN adapteri üçin bu hökman.

Haýsy profiller goldanýar?

OpenVPN 2.x: UDP we TCP, AES-GCM we AES-CBC, tls-auth we tls-crypt, sertifikat we login-parol. tls-crypt-v2 we V2Ray/Xray (vless, vmess) goldanmaýar.

Birikip bilmeýärin — näme barlamaly?

Profiliň möhletini we GB çägini barlaň, sub linki «Täzele» bilen täzeläň. Programmanyň «Log» bölüminde ýalňyşlygyň sebäbi düşnükli ýazylýar — şony üpjün edijiňize iberiň.

OpenVPN Connect-den tapawudy näme?

OVPN Client şol bir OpenVPN 2.x profillerini ulanýar, emma sub linkleri, profili awtomatik täzelemegi, galan traffigi we möhleti görkezmegi, türkmen we rus dillerini goşmaça goldaýar.

Linux-a OpenVPN nädip gurnamaly?

ovpn-client_1.3.7_all.deb faýlyny ýükläň we iki gezek basyň ýa-da terminalda: sudo apt install ./ovpn-client_1.3.7_all.deb. Soň programmany menýudan açyp, .ovpn faýly ýa-da sub linki goşuň.

Telegram kanaly

Täzeliklerden yzda galmaň

Täze wersiýalar, gurnamak boýunça gollanmalar we kömek — hemmesi biziň Telegram kanalymyzda.

@ovpn_client
Kanala goşul